Home » Music » Eldar Ahmedow - Läläm | Konsert 2020

Eldar Ahmedow - Läläm | Konsert 2020

Written By Aziya Muzik on Saturday, May 18, 2019 | 10:34 AM

 
▶ Eldar Ahmedow "Läläm" täze aýdymyň konsert klibi. Aziýa Müzik - Size iň täze türkmen toýlarynyň wideo ýazgylaryny, konsertlary we wideo klipleri size ýetirmek. Mähriban dostlar biziň bilen boluň we bize agza bolmany unutman! Sözi: Aranžirowka: Klipçi: Türkemen Owaz AGZA BOLUN: Youtube: https://bit.ly/youtube-aziyamuzik Facebook: http://bit.ly/facebook_aziyamuzik Instagram: http://bit.ly/instagram_aziyamuzik #eldar_ahmedow #lalam #konsert ▶ Aýdymyň sözleri Şygyr -1: Men seni gijeden, gündizden sorap, Yzlaýan şonda-da tapyp bilemok. Ýitiren söýgimi dolajak bolup, Ylgaýan, şonda-da ýetip bilemok. Gaytalamak: Läläm ýüregimde diňe sensiň, Ýaşap bilmen sensiz, sensiz. Sen diňe, meniň ömrümiň manysy, Bilmerin men ýaşap, sensiz. Şygyr - 2: Men seni daglardan, bagdan sorayan, Soraýan şahada saýraýan bilbilden. Täze dogan aýy ýüzüme sylyp, Saňa duşurmagy aýdan soraýan. 1-bent: Ýüregimden aýdýan, diňe seni söýýän, Sensiz bu dünýä, ýokdur manysy. Gül, ýylgyr läläm, ýylgyr sen ýene, Sen gülsen derdimiň gider barysy. Şygyr - 3: Alyp gider mähir bilen söýgini, Alyp gider öýke bilen kinäni. Ýürekleriň göwünleriň dermany, Bu ýürege ajaýyp bir ýaz gelse. 2-bent: Söýgim duýsana, ýarym bolsana, Däliräp söýdüm seni, aşyk men saňa. Ýanyma gelsene, söýgim alsana, Owadan sen ýarym, haýran men saňa.